Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi. Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň. Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy. Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy. Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy. Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy.
Выбор основного перевода