Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler. Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi. Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi. Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy. Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady. Manaşa Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy. Halk entegem seždegählerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler. Manaşanyň galan işleri we onuň eden dilegleri şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän görgüriň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.
Выбор основного перевода