Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgünde jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy. Amon patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Amon kakasy Manaşa ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Amon kakasy Manaşanyň ýasan ähli butlaryna gurbanlyk hödürläp, şolara gulluk etdi. Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi. Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler. Emma ýahuda halky Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi. Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
Выбор основного перевода