Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.) Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy. Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.
Выбор основного перевода