Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Siriýa patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy. Emma Ýoram patyşa Ramotgilgatdaky Siriýa patyşasy Hazaýyla garşy uruşda siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp gelipdi. Şeýdip, Ýehu beýleki goşun serkerdelerine: «Eger meniň bilen ylalaşsaňyz, Ýizregeldäki Ýorama habar ýetirilmez ýaly, ýekeje adamy-da Ramot galasyndan çykarmaň» diýdi. Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi. Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi. Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi. Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýäniň at çapdyryşy Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi. Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar. Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi. Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy. Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy. Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar.
Выбор основного перевода