Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy. Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy. Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy. Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy. Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi. Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.
Выбор основного перевода