Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».
Şeýdip, olar jul geýnip, boýunlaryna ýüp salyp, ysraýyl patyşasynyň ýanyna baryp: «Seniň guluň Benhadat: „Haýyş edýärin, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ahap: «Ol entäk dirimi? Ol maňa dogan ýalydyr» diýdi.