Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi. Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“». Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň! Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok, Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn. Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“. Şeýle hem Reb aýalyň Izebel barada şeýle diýýär: „Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer. Ahaba degişli bolanlaryň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini bolsa guşlar iýer“» diýdi. (Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi. Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.) Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy. Onsoň tişbeli Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin». Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn. Çünki Ahabyň maşgalasynyň ýekejesi-de diri galmaz. Men Ysraýylda isle gul bolsun, isle azat – Ahapdan bolan ähli erkekleriň baryny gyraryn. Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin. Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy.
Выбор основного перевода