Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ýehu ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna Ýehuwyň ogly Ýehogahaz patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ogly Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda Ýehuwyň ogly Ýehogahaz Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on ýedi ýyl şalyk sürdi. Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on alty ýyl şalyk sürdi. Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi. Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.
Выбор основного перевода