Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy. Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi. Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – ägirt uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, ýedi günläp Çatma baýramyny belläp geçdiler. Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular. Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Dawuda, Süleýmana we halky Ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar. Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler. Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.
Выбор основного перевода