35
Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler,
Men siziň buýsanýan güýjüňizi syndyraryn. Gökden ýagyş ýagmaz we ýerleriňiz gatap, daşa döner.
Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.
Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner.
Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar.