Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi. Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy. Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini uzatdy. Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy: Agşam gurbanlygynyň berilýän wagty men ýerimden galyp, sal-sal eşikli we ýapynjaly dyza çöküp, ellerimi Hudaýym Rebbe tarap uzadyp, Oňa dileg etdim: Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr. Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga--dileg etmeklerini isleýärin.
Выбор основного перевода