Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip etdi. Şeýle-de Ol muny Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagyňyz üçin etdi». Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler. Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin. Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler». Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler. Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ine, men-ä ýola düşdüm“. Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».
Выбор основного перевода