Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy. Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy. Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy. Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy. Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler. Ýaňky adam girende keruplar Hudaýyň öýüniň günorta tarapynda durdular. Bulut içki howlyny doldurdy. Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy. Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy. Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.
Выбор основного перевода