Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý. Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy. Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy. Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi. Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi. Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady. Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi. Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi. Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady. Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady. Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun. Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý. Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar. Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr.
Выбор основного перевода