Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. Howzuň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol bir müň elli hum tutýardy. Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy. Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady. Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler.
Выбор основного перевода