Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. Bir sütüniň beýikliginiň özi on sekiz tirsekdi. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi üç tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady. Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy. Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi. Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.
Выбор основного перевода