Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy. Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.
Выбор основного перевода