Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim. Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn. Daşlary oýup gaşlary goýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim. Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramaby altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine ökdedir. Ol badam, gök, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr matalary bilen hem işläp bilýär. Şeýle-de ol oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ökdedir. Ol seniň ussalaryň we jenabym – kakaň Dawudyň ussalary bilen işlär. Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.
Выбор основного перевода