Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi. Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasat. Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy. Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi. Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim. Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. Isa çölde kyrk gün bolup, şeýtan tarapyndan synaga salyndy. Ol ýabany haýwanlaryň arasynda ýaşady, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.
Выбор основного перевода