Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň». Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Siriýa patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy. Emma Ýoram patyşa Ramotgilgatdaky Siriýa patyşasy Hazaýyla garşy uruşda siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp gelipdi. Şeýdip, Ýehu beýleki goşun serkerdelerine: «Eger meniň bilen ylalaşsaňyz, Ýizregeldäki Ýorama habar ýetirilmez ýaly, ýekeje adamy-da Ramot galasyndan çykarmaň» diýdi. Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi. Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi. Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi. Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýäniň at çapdyryşy Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi. Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar. Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi. Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy. Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy. Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal: „Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla». Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi. Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar. Ahabyň ogly Ýoramyň patyşalygynyň on birinji ýylynda Ahazýa Ýahuda patyşa bolupdy. Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşary seredip durdy. Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Sen hem öz jenabyny öldüren Zimri ýalysyň! Eýgilige geldiňmi?» diýip sorady. Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi. Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar. Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady. Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Siriýa patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadadyň eline berdi. Siriýa patyşasy Hazaýyl Ýehogahazyň bütin ömrüne Ysraýyla sütem edip gelipdi.
Выбор основного перевода