Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy. Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi. Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy. Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi. Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler. Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git. Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit. Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç». Şeýdip, ýaňky ýaş pygamber Ramotgilgada gitdi. Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin, serkerde» diýip jogap berdi. Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin.
Выбор основного перевода