Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň». Hazaýyl: «Köpekden parhy bolmadyk bu guluň beýle uly işleri eder ýaly kim bolupdyr?» diýdi. Elýaşa: «Reb maňa seniň Siriýa patyşa boljagyňy görkezdi» diýip jogap berdi. Onsoň Hazaýyl Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, öz jenaby Benhadadyň ýanyna geldi. Benhadat ondan: «Elýaşa saňa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Ol sen hökman gutularsyň diýdi» diýip jogap berdi. Emma ertesi gün Hazaýyl bir örtgi alyp, ony suwa batyrdy-da, patyşanyň ýüzüne ýapyp, ony bogup öldürdi. Onsoň onuň ýerine Hazaýylyň özi patyşa boldy.
Выбор основного перевода