Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim. Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“». Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi.) Soňra Ylýas halka şeýle diýdi: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir. Onsoň Ylýas bütin halka: «Meniň ýanyma geliň» diýdi. Olar onuň ýanyna geldiler. Ylýas ilki bilen Rebbiň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeltdi. „Biz ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk“ diýýärsiňiz. Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz. Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi! Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz. «Ýa Reb, ysraýyllar Seniň pygamberleriňi öldürip, gurbanlyk sypalaryňy ýykdylar, ýeke men galdym. Olar janyma kast etmek üçin, indi meni yzarlap ýörler».
Выбор основного перевода