Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.
Hyzmatkär Şawula ýene: «Ine, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi.