Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy: «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerine hem-de galan halka Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş Abyýamyň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi.
Выбор основного перевода