Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy. Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi. Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi. Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler. Şonuň üçin hem Süleýman Ýarobgamy öldürmäge synanyşdy, ýöne Ýarobgam Müsüre, Müsür patyşasy Şişagyň ýanyna gaçyp baryp, Süleýman dünýäden ötýänçä, şol ýerde boldy.
Выбор основного перевода