Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar. Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy. Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.
Выбор основного перевода