Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun. Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun. Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň. Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gül-gunçasy we gülýapragy bolsun. Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn. Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn. Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak. Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun. Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn. Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň. içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady. Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.
Выбор основного перевода