Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady. Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.
Выбор основного перевода