Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy. Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi. Süleýman eýwanyň öňünde Rebbe guran gurbanlyk sypasynda Oňa ýakma gurbanlyklaryny hödürledi. Asa bu sözleri, ýagny Odetiň ogly Azarýanyň pygamberligini eşidende ruhlandy. Ol bütin Ýahudadaky, Benýamindäki we Efraýym daglygyndan alan ähli galalaryndaky ýigrenji butlary ýok etdi. Asa Rebbiň öýüniň eýwanynyň öňündäki Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikeltdi. Bir tirsek we dört barmak bolan uzyn tirsek boýunça gurbanlyk sypasynyň ölçegi şeýledir: onuň ýapjagazynyň çuňlugy-da, ini-de bir tirsek, ýabyň gyrasy töwerekleýin bir garyş. Gurbanlyk sypasynyň esasy düýbi budur. Arykdan aşaky diwara çenli beýikligi iki, ini bir tirsekdir; kiçi diwardan uly diwara çenli beýikligi dört, ini bir tirsekdir. Gurbanlyk sypasynyň beýikligi dört tirsek. Onuň üstünden ýokarlygyna dört şah bolar. Gurbanlyk sypasynyň üst böleginiň ojagynyň boýy on iki tirsek, ini on iki tirsek bolup, her dört tarapdan inedördül bolar. Uly diwaryň her dört tarapynyň uzynlygy we ini on dört tirsek bolar. Onuň her dört gapdalyndaky ýabyň gyrasy ýarym tirsek, töwerekleýin ýapjagazy bir tirsek bolup, basgançaklary gündogar tarapda bolar.
Выбор основного перевода