19
Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 4:8
Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý.
Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.