Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoýakyn patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy. Ýehoýakyn edil kakasy Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Leşgerleri şäheriň daşyny gabawda saklap ýörkäler, Nebukadnesar Iýerusalime geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy. Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi. Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady. Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy. Babyl patyşasy Ýehoýakynyň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода