Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy. Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler. Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar. Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“. Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода