Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama. Hasyl ýygnalandan soň, sen özi gögereni orma, pudalmadyk üzümiň miwesini ýygnama, ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer. Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn. Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin. Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn. Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода