Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular. Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. Ýehogahaz ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi. Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez.
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Выбор основного перевода