Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“». Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi. Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy. Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi. Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.
Выбор основного перевода