Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi. Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi. Başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin Ýahudanyň her şäherinde seždegähler gurup, ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi. Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.
Выбор основного перевода