Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.
Ýoşyýa patyşa bolan wagty sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýedida boskatly Adaýanyň gyzydy.
Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.