Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Şeýlelikde, Ýeşuwa şol gün adamlar bilen äht baglaşdy we Şekemde olar üçin parzlar we düzgünler çykardy. Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy. Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler. Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder. Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi. Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm.
Выбор основного перевода