Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi. Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi. Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar. Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin. Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar. Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“». Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy. Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
Выбор основного перевода