Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Amon patyşa bolan wagty ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Meşullemet ýotbaly Harusyň gyzydy. Amon kakasy Manaşa ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ýörän ýollaryndan ýöräp, onuň sežde eden butlaryna sežde edip, şolara gulluk etdi. Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi. Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler. Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.
Выбор основного перевода