Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy. Manaşanyň galan işleri we ähli eden işleri, günäleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar. Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi. Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi. Manaşanyň galan işleri we onuň eden dilegleri şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän görgüriň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
Выбор основного перевода