Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy. Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy. Ýehoramyň beýleki işleri, onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy.
Выбор основного перевода