Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy. Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn. Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýehowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.
Выбор основного перевода