Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi. Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy. Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy. Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.
Выбор основного перевода