Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi. Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp, olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy. Aýanyň gyzy Rispa şol ýerdäki gaýanyň ýüzünde bir köne haltany düşendi-de, arpa oragynyň başyndan tä jesetleriň üstüne ýagyş ýagyp başlaýança, ol ýerde oturdy; ol jesetleri gündizine guşlardan, gijesine wagşy haýwanlardan gorady. Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler. Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»
Выбор основного перевода