Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy. Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy. Abşalom gaçyp, Geşur patyşasy Emihudyň ogly Talmaýyň ýanyna gitdi. Dawut bolsa uzak wagtlap oglunyň ýasyny tutdy. Geşura gaçyp baran Abşalom ol ýerde üç ýyl ýaşady.
Выбор основного перевода