Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy. Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler. Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr: Şawulyň kowumlaryndan bolan benýaminlerden üç müň adam. Bularyň köpüsi owal Şawulyň nesillerine wepaly bolupdylar.
Выбор основного перевода