Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel. Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa; Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam; Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi. Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi. Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy. Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.
Выбор основного перевода